Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

23 Iýun 2021
1595

Şeýle at bilen golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän deňiz serhet birikmesiniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 300-nji harbylaşdyrylan ýangyn söndüriji söweşjeň bölüminiň müdiri, uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany Meýlis Nepesowyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Gurbanmyrat Abdylweliýew hem-de harby bölümiň harby gullukçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar öz çykyşlarynda ýangynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öz wagtynda pugta berjaý etmek, döwlet emlägine aýawly garamak, ot bilen seresaply bolmagy we ýangyn hadysasy ýüze çykanda onuň garşysyna göreşmek barada, şeýle hem ýangyn hadysasynda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek boýunça meseleler babatynda aýratyn durup geçdiler. Şeýle-de çykyşlarda edara binalarda we öýlerde elektrik toguny, gaz ýangyçlaryny ulanmagyň tertibinde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek babatynda hem aýdyldy.

Agajan NIÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan-leýtenant.