Parahatçylyk — asylly ýörelge

20 Iýun 2021
1929

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde mukaddes Garaşsyzlygymyz, parahatçylyk söýüjilikli ýolumyz hakynda pikir ýöretmek, ony beýan etmek diýseň ýakymly. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan parahatçylyga uly ähmiýet berdi. Şeýlelikde, asudalyk arkaly durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýörelgesini hemra edinen eziz Diýarymyz gysga döwrüň içinde ykdysady, medeni ösüşleri gazandy. Bu döwürde türkmen halkynyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda hem ägirt uly ösüşler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala gelip, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň ýol açyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-baba dowam edip gelen adalatlylyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, abadanlyk, gurmak we döretmek ýörelgelerine eýerip, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, döredijilik dabaralanýar. Türkmen jemgyýetini uly ösüşlere alyp barýan köpugurly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň taryhyna her gün täze-täze ösüşler altyn harplar bilen ýazylýar. Eziz Diýarymyz halkara hukuk kadalaryna, özara ykdysady bähbitlerine we milli ýörelgelerimize esaslanyp, syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda halkara gatnaşyklaryň berkemegi we ösdürilmegi üçin dürli döwletler bilen ýola goýlan gatnaşyklary barha giňeldýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, içerki ösüşinde uly üstünlikleri gazanýar. Eziz Diýarymyzda ýokary hilli önümler öndürilip, bazarlar üpjün edilýär. Ýerli çig mallary gaýtadan işleýän iri senagat toplumlarynyň, zawod-fabrikleriň gurulmagy ykdysadyýetimizde öňegidişligiň daýanç sütünine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylymlara daýanýan beýik işlerini özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzdaky asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady ösüşi öz gözbaşyny syýasy durnuklylykdan, parahatçylykdan we ynanyşmakdan alýar.

Annasona ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.