Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegi we eziz Watanymyzda halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem bu halkara ýörelgeleri mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda we döwletimizde sportuň okgunly ösdürilmegine, bu babatdaky durmuşa geçirýän işlerinde öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky sport diplomatiýasy uly üstünliklere eýe bolýar. Sport — durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ygtybarly güýç bolup durýar.