Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy toýlanýan üstümizdäki ýylda mähriban Watanymyzyň çägindäki ähli zähmet toparlarynda ýokary ruhubelentlik we joşgunlylyk dowam edýär. Bäsleşikli işler hem-de önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak ugrundaky yhlasly aladalar barha giň gerime eýe bolýar. Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasy-da şolaryň hatarynda. Adatça, zerur gurluşyk önümleriniň köp öndürilmegi ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň we sport desgalarynyň çalt gurulmagyna, işleriň depginli gitmegine, bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagyna oňyn täsir edýär.
Şu nukdaýnazardan, agzalan kärhananyň tamamlanan bäş aýda gazanan netijeleri hem has guwandyryjy boldy. Has takygy, ýanwar — maý aýlarynda toparyň hünärmenleri 14,100 m3 demir-beton öndürmegiň hötdesinden geldiler. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 13 müň 500 m3 barabar bolupdy. Öndürilen önümler tonnada görkezilende, 104,4 göterime deň boldy. Mahlasy, zähmet topary boýunça 12 million 375 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, meýilnama 142,6 göterim berjaý edildi.