Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde Watanymyzyň berkararlygy, her bir raýatyň abadan hem-de bolelin durmuşy hakyndaky alada çuňňur beýanyny tapýar we döwlet syýasatynyň baş ugry aýdyň şöhlelenýär. Ykdysady ösüşiň ýokary depginleri durnukly ösüş maksatlaryna ygrarly bolup, tebigy, önümçilik we zähmet serişdelerini amatly ugurlarda rejeli ulanmak hem-de maliýe serişdelerinden ýerlikli peýdalanmak arkaly üpjün edilýär. Bu ösüş depgininiň ýurduň ilat sanynyň ösüşinden ýokary derejede üpjün edilmegi bilen, halkyň hal-ýagdaýynyň we durmuş şertleriniň ýokarlanmagy gazanylýar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen uzak möhlete niýetlenen toplumlaýyn işlerden hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň wezipelerini kesgitleýän ösüş maksatnamalaryndan ugur alyp, döwletimiziň ykdysady we maliýe görkezijilerini özünde jemleýän esasy ykdysady-maliýe meýilnamalaryny işläp düzmek boýunça çäreler işjeňleşdirilýär. Şolaryň hatarynda 2022-nji ýyl üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň hem-de Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny bellemek bolar. Bu resminamalarda infrastruktura özgertmelerini goldamagyň hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň hasabyna Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegi nazarlamaga, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, maýa goýumlaryny tygşytly ulanmaga, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermäge ähmiýet berler.