Nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklary

14 Iýun 2021
1461

Halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, ilata hödürlenilýän hyzmatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlarymyza täze bank hyzmatlary elýeterli edilip, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly olaryň täze görnüşleri hödürlenilýär. Netijede, karz bazarynyň gerimi giňäp, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär.

Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýär. Olara mysal hökmünde ilata goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, bu barada müşderilere we olaryň ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegini, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklary, müşderilere töleg terminallarynyň gurnalmagyny, milli we daşary ýurt pulunda serişdeleriň talap edilýänçä, şeýle hem möhletli goýumlara kabul edilmegini, halkara töleg ulgamlarynyň üsti bilen daşary ýurtlara nagt däl görnüşinde tölegleriň geçirilmegini hem-de kabul edilmegini, «Altyn asyr» bank karty arkaly ýerine ýetirilýän amallary görkezmek bolar.

Myrat ANNAGURBANOW,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Bank kartlary bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirijisi.