Hyzmatlar döwrebap derejede

11 Iýun 2021
1365

Işe başlanyna onçakly köp wagt geçmese-de Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziliniň ak mermere bürenen ajaýyp binasy ýurdumyzyň gündogar sebitiniň howa derwezesi hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Bu bina «2012 ― 2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde gurlan raýat awiasiýasynyň halkara derejeli ýerüsti infrastruktura binalarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda dünýä boýunça koronawirus pandemiýasynyň döredýän kynçylyklaryna seretmezden, halkara howa menzilinde mynasyp zähmet üstünlikleri gazanylýar.

2582 inedördül metr meýdany eýeleýän 3 gatly ýük terminaly bu babatda esasy bölümleriň biri bolup, onda döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr. Bu ýerde ýükleriň tiz hem-de ygtybarly kabul edilmeginiň we ugradylmagynyň ähli şertleri göz öňünde tutulandyr. Ýük terminalynda alnyp barylýan işler babatda käbir görkezijilere salgylanmak ýerlikli bolsa gerek. Halkara howa menzilinde 2020-nji ýylyň dowamynda ýükleriň 715 tonnadan gowragy degişli ugurlar boýunça ugradylypdyr, 2146,6 tonna ýük bolsa kabul edilipdir. 2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde bu görkezijiler has ýokary bolup, degişlilikde 418,3 tonna ýük ugradylyp, 673,5 tonna ýük kabul edilipdir. Bu ýükleriň düzüminde poçta hyzmatlary we tölegli ýük goşlary hem daşaldy.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.