Sanly ykdysadyýet — belent üstünlikleriň şuglasy

10 Iýun 2021
1491

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler guwandyryjy häsiýete eýe bolýar. Halk hojalygyny sanly ykdysadyýete geçirmek üçin alnyp barylýan giň gerimli işler maksadalaýyk dowam etdirilýär we maksatnamalaýyn görnüşde durmuşa geçirilýär. Durmuş ulgamynyň ösüşinde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerine giňden eýerilýär. Ählumumy ykrarnama eýe bolýan bu işlerde, ilki bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ylym, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sanlylaşdyrmagyň barşynda ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga tarap ugur alýandygy, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli, başarjaň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak uly ähmiýete eýedir.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek iki wezipäni öňde goýýar. Ol wezipeler ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadyny emele getirmekden hem-de önümçiligi sanly ýörelgä kybap getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barylýan durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Bu halk bähbitli işlerde düýpli ylma esaslanýan durnukly ösüşi, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, önümçilik serişdeleriniňdir gurallarynyň üznüksiz döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek zerurlygy ileri tutulýar. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ykdysady, durmuş ulgamlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bedew batly ösüşi munuň aýdyň mysalydyr. Döwrümiziň häsiýetli aýratynlygy bolan internet giňişliginiň kemala gelmegi hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi ykdysady ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna — sanly ykdysadyýete ynamly geçişi şertlendirdi. Türkmen halkyna bütindünýä maglumat giňişligine goşulyşmaga giň ýol açdy we beýik ösüşleri bagyşlady.

Şirin ÝAZYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.