Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

9 Iýun 2021
1448

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi.

Döwlet Baştutanymyz jenap Jon MakGregory jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň ÝHHG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

«Daşoguz habarlary».