Parahatçylyga gönükdirilen ýörelge

9 Iýun 2021
2101

Taryhda müdimilik ýitmejek yz galdyran ata-babalarymyz asyrlarboýy dünýäde baky parahatçylygyň berkarar bolmagynyň, döwletleri, halklary agzybirlige çagyryp, birek-birek bilen dostana gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr. Ata-baba gelýän bu ýol-ýörelgäni yzygiderli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy parahatçylygyň, asudalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwürdi. Batly gadamlary bilen öňe barýan ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly, dünýä ýurtlarynyň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Bu dostana gatnaşyklar hem pähimli pederleri parahatçylygyň küýseginde bolan halkymyzyň bütin dünýäde asudalygyň, halklar arasyndaky dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Paýtagtymyzda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri hem bu aýdanlarymyzy ýene bir gezek subut edýär. Bu hem döwletimiziň yzygiderli alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna wepalydygynyň aýdyň subutnamasy bolup, Türkmenistanyň we BMG-niň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şunuň özi hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün-günden ilerleýändigini aňladýar.

Jeren ANNAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.