Döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap

3 Iýun 2021
1602

Türkmenistan ekologiýa ugurly önümleri çykarýan senagaty ösdürýär

Ahal welaýatynda gurlan täze döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň esasy önümi EСО-93 benzinidir. Bu möhüm maýa goýum taslamasy milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol strategiýanyň esasy ugry gazy we nebiti gazyp almagyň mukdaryny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulgamyny kemala getirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybaratdyr. Dünýäde ilkinji we özboluşly zawodyň önümçilik kuwwatlyklary bu gün kesgitlenen talaplara laýyklykda işleýär. Bu ýerde çykarylýan sintetiki ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar – onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaýar. Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär, ol baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.