Şa zenan bilen atdaş

29 Maý 2021
2239

Mähriban çagalar, siz Wiktoriýa Amazonka ösümligi barada nämeleri bilýärsiňiz? Tebigatyň iň täsin ösümlikleriniň biri bolan Wiktoriýa Amazonkanyň ady Angliýanyň şa zenany Wiktoriýanyň hormatyna dakylandyr. Bu ösümligiň açylyş taryhy hem sizi gyzyklandyrsa gerek. Aslynda, oňa ilkinji gezek 1801-nji ýylda Boliw kölünde gabat gelnipdir. Aradan ep-esli ýyl geçensoň, ýagny 1832-nji ýylda nemes tebigaty öwrenijisi Eduard Peppig Amazonka derýasyna syýahat edýärkä, bu üýtgeşik ösümligiň üstünden barýar. Şol ýylyň özünde žurnallaryň birinde heniz hiç kime mälim bolmadyk bir ösümligiň tapylandygy baradaky habar çap edilýär. Muňa garamazdan, açyş köpçülik üçin ýene-de nämälim bolup galýar. Ösümligiň üçünji saparky açylyşy 1836-njy ýylda, Britaniýanyň Gwiana sebitinde bolup geçýär. Britan şalygy nemes botanigi Şomburgk Roberte bu sebiti öwrenmek barada tabşyryk berýär.

Gözlegleriň dowamynda uly göwrümi we suwda ýüzýändigi bilen tapawutlanýan täsin ösümlik Robertiň ünsüni özüne çekýär. Ol botanika bilen içgin gyzyklanýan iňlis şa zenanynyň hormatyna, bu ösümlige «Wiktoriýa Amazonka» diýip at berýär.

Gülhumar BALLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň mugallymy.