Hukuk ulgamynda geçirilen oňyn özgertmeler, gazanylan guwandyryjy üstünlikler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini dabaralandyryp, amala aşyrýan taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň hökmürowanlygyny ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňligini, adamyň jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygydygyny, adam hukuklarynyň milli kanunçylyk ulgamy tarapyndan kepillendirilýändigini aýdyň görkezýär. Hukuk ylmynda özygtyýarly döwlet häkimiýetine jemgyýetiň jemlenen erk-isleginiň beýany hökmünde garalýar. Hukuk döwleti, ilki bilen, döwletde kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, ynsan mertebesiniň iň ýokary gymmatlyk hökmünde görülmegini aňladýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi» diýip belleýär. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz bagly bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, her bir döwletiň Konstitusiýasynyň ony kabul edýän halkyň milli adatyna, däp-dessuryna, edim-gylymyna esaslanýan özboluşly aýratynlyklary bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy aýratynlygy, onda berkidilen kadalaryň agramly böleginiň adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilmegindedir. Şahsyýet, onuň hukuklary we azatlyklary raýat jemgyýetiniň baş gymmatlygy bolup durýar.