Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen diplomatik, işewür, ylmy we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly tagallalary edýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ösüş üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynda şöhlelenýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugry halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk giňeltmäge we ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan meseleler boýunça başlangyçlary beýan etmäge hem-de olary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, has-da pugtalandyrmak, halklaryň arasynda ynanyşmagy rowaçlandyrmak öňde goýlan belent maksatlardyr.