Türkmenistan – BMG: strategik hyzmatdaşlyk giňeldilýär

6 Maý 2021
2155

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty Türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda 75-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde öňe sürüpdi.

Dürli ugurlar boýunça işlemek üçin özboluşly edara bolan Sebit merkezi döwrüň möhüm meseleleri boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýar. Kararnamada bu merkeziň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalary, BMG-niň ýurt boýunça toparlary, gapma-garşylyklaryň öňüni almak meselelerinde Parahatçylyk gurluşygy gaznasy, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň we zenanlaryň jemgyýetdäki, syýasatdaky hem-de ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen we ýolbaşçy zenanlaryň toparyny okatmak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlykdaky oňyn orny bellenilýär.