Arassaçylykda tebigy serişdeleriň ähmiýeti

2 Maý 2021
1843

Parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini döreden pederlerimiz nesil terbiýesinde kämillige, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna uly ähmiýet beripdirler. Şu asylly ýörelgeleri durmuşda hemişelik nusga edinmek jemgyýetde kämil şahsyýetiň kemala gelmegine oňyn täsir edip, ýokary ahlak medeniýetliligiň esasyny düzüpdir. Medeniýetliligiň ilkinji basgançagy bolsa, beden arassalygy, kalp arassalygy hasaplanypdyr. Hawa, arassaçylyk, tämizlik, päkizelik düşünjelerine aýratyn üns beren ata-babalarymyz bu babatda has irki wagtlarda tebigy serişdelerden peýdalanypdyrlar.

Şeýle tebigy serişdeleriň biri hem çogan ösümliginden taýýarlanypdyr. Munuň üçin ilki bilen, çogan ösümligini göklügine ýygyp, ony üsti-üstüne bassyrmanyň aşagynda goýupdyrlar. Soňra olary guraýança Güne seripdirler. Şondan soň çoganyň özboluşly ýakymly ysy daş-töwerege ýaýrapdyr. Onuň bir penjesini alyp, 1,5 litr suwa salyp gaýnadypdyrlar. Bu gaýnatma dura-bara köpürjikläp duran suwuk sabyna öwrülipdir. Ondan azragyny alyp, kir ýuwuljak suwa goşup, geýim-gejim ýuwmakda ulanypdyrlar. Çogandan alnan suwuk sabyn goşulyp, ýuwlan egin-eşiklerde ýakymly ys galypdyr.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».