Gelin kömeleginiň ösdürilip ýetişdirilişi

2 Maý 2021
1423

Tebigatyň datly tagamlarynyň biri bolan gelin kömelegini ýylyň islendik paslynda ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek mümkin. Gelin kömelegi köplenç, kömelekhanalarda üsti örtülgi çukurlarda, garaňkyladylan ýyladyşhanalarda we garaňky jaýlaryň tekjelerinde ýylyň dowamynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gelin kömeleginiň tohumy 1 gezek ekilenden soň, topragyň ýüzünden ýokarda gaýçy bilen kesilip ýygylsa, 2 – 3 gezek täzeden gögerip, hasyl bermek mümkinçilikleri bolýar.

Gelin kömelegi ekilenden soň, garaňky ýerde +12, +14 gradus ýylylykda, howanyň 80 – 85 göterim we topragyň 74 – 76 göterim çyglylygynda 3 – 5 günden gögerip çykýar. Gögerip çykandan soň, 1 – 2 günden ýygyma taýýar bolýar. Gelin kömelekleri 8 santimetr galyňlykdaky çüýrüntgili toprakly tekjelerde ösdürilip ýetişdirilýär. Tekjeleriň beýikligi 6 – 8 santimetrde bir-biriniň üstünde çekip almak usulynda ýerleşdirilýär. Umumy tekjeleriň sany 15 – 20 sany bolup, kömelekhananyň ortasynda inli ýol goýulýar. Ýoluň iki gapdalynda tekjeler bir-biriniň üstüne örtülen görnüşde ýerleşdirilýär.

Güljemal ŞAÝMANOWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.