Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

30 Aprel 2021
1795

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hususyýetçiligiň eýeleýän ornunyň yzygiderli giňelmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň maldarçylyk pudagynda hususy işewürleriň gazanýan üstünlikleri hem munuň aýdyň subutnamalarydyr. Bu üstünlige welaýatymyzyň Serdar etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy hem saldamly goşandyny goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň pudaklarynda hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli azyk, şol sanda maldarçylyk önümleri bilen halkymyzyň bereketli saçaklarynyň bolçulygyny üpjün etmek babatda öňde goýýan anyk tabşyryklary, munuň üçin döredýän şert-mümkinçilikleri gara mallary idetmäge, olaryň baş sanyny artdyrmaga ýöriteleşdirilen bu maldarçylyk toplumynyň işiniň ýola goýulmagynyň gözbaşyna öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän aladalara mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermegi hemişelik baş maksadyna öwren hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy süýt berijiligi ýokary bolan sygyrlaryň köpeldilmegini gazanmakda guwandyryjy tejribelere eýe bolýar. Toplumda häzirki wagtda idedilýän gara mallaryň baş sany 620-ä ýetýär. Şolaryň 150-si sagylýan sygyrlar bolup, olardan her günde 1,5 tonna golaý süýt alynýar. Alynýan süýdi täzeligi bilen gaýtadan işleýjilere, şol sanda halka ýetirmek işleri üstünlikli ýola goýulýar. Şunda maldarçylyk toplumyna degişli bolan ýöriteleşdirilen ulaglaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylmagy hyzmatyň ýokary hilini üpjün edýär.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».