Demokratik ýörelgeler rowaçlanýar

28 Aprel 2021
1948

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde hormaty Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyşyny diňläp, ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak ugrunda edýän aladalarynyň örän giň gerimlidigine we halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň bähbidine gönükdirilendigine ýene bir ýola doly göz ýetirdik. Bir ýarym ýyl gowrak mundan ozal Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen başlangyjyň esasynda alnyp barlan işleriň netijesinde iki palataly kanun çykaryjy edarasy döredildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň eden çykyşy bizde uly täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda alnyp barylýan uly möçberli özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek arkaly ilatyň medeni-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegini gazanmak bilen bagly meseleleriň maksady we möhüm ähmiýeti barada giňişleýin söz sözledi. Olaryň ählisi halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, ylym, bilim almak, ruhy baýlyklaryny artdyrmak ýaly talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde bu we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek babatynda anyk wezipeler goýuldy. Bu ugurda ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly işleşmegiň oňyn netijeleri berjekdigi bolsa ikuçsuzdyr.

Biz mekdebimiziň mugallymlary bolup Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy çykyşyny üns berip diňledik we onda orta atylan meseleleri, öňde goýlan wezipeleriň ähmiýetini diňe bir mekdebimiziň okuwçylaryna däl-de, olaryň ene-atalaryna hem düşündirmäge girişdik. Şonda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň döredilmeginiň kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmekdäki ähmiýetini, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň öňünde durýan wezipeleri giňişleýin düşündirýäris. Täze döredilen edaranyň işe girişmegi bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere etjek oňyn täsirine ünsi çekýäris. Olarda döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň her bir raýatyň bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigini aýratyn belleýäris.

Omarkuly BALTAÝEW,
Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.