Ogulsabyr ene ýene ilkinji!

28 Aprel 2021
1721

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Ogulsabyr Pygamowa geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýene-de welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda pile tabşyryp, zähmet üstünligini gazandy. Şu ýyl 45 gram ýüpek gurçugyndan 200 kilogramdan geçirip pile tabşyrmagy meýilleşdirýän Ogulsabyr ene eýýäm 60 kilogramdan gowrak piläni döwlet terezisinden geçirdi.

Ol ýüpek gurçugyny ýene-de birnäçe tamda idedýär. Beýleki tamlardaky gurçuklar hem pile saryp, ýygyma taýyn boldy. Olary synlap, Ogulsabyr enäniň şu ýyl Watan harmanyna meýilnamadan has hem köp piläni tabşyrjakdygyna ynanýarsyň.

Sülgün KERIMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni.