Ýaşyl hatarlar

28 Aprel 2021
1341

Welaýatymyzyň obahojalykçylary hormatly Prezidentimiziň bu pudagy çalt depginlerde ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, joşgunly zähmet çekýärler. Olar ösüşli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Döwrüň talabyna laýyk bähbitli işleri ýerine ýetirmekde aýratyn hem Baýramaly etrabynyň obahojalykçylary oňat netijeleri gazanýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan birleşiklerinde täzeçe işlemeklige tutanýerli girişýärler. Munuň özi daýhan hojalyklarynyň döredilýändigini aňladýar. Bu usulda zähmet çekmegiň oňat netijeleri berýändigi bolsa äşgär duýulýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylyk pudagy boýunça “Merdem kuwwat” daýhan hojalygy döredildi. Durdymuhammet Salyhowyň ýolbaşçylygyndaky bu daýhan hojalygy 490 gektar ýerde ýaz ekişini geçirmek işini üstünlikli ýerine ýetirdi. Işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, tehniki üpjünçiligiň artdyrylmagy jogapkärli ýaz ekişiniň öz wagtynda geçirilmegine şert döretdi. Ýaz ekişini geçirmekde mehanizatorlar Agamyrat Rejepow, Jemal Tekäýewa, Ylýas Aşyrow şeýle hem, beýleki tehnika eýeleri tutanýerli işlediler.