Diýarymyzyň çäklerindäki ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň netijeli zähmetinden üzňe göz öňüne getirmek kyndyr. Nebit-gazly ojaklardaky gazylan we burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan önümli gatlaklarda, zerur bolan halatynda, partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň onlarçasy hut şu müdirligiň geofizikleriniň paýyna düşýär. Aňryçäk derejede has anyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligiň Balkanabatdaky, şeýle hem milli Liderimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly awtoulaglarynda oturdylan ýöriteleşdirilen kämil barlamhanalary netijeli peýdalanylýar.
Işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy netijesinde kärhana boýunça “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň geçen üç aýynda 16 million 837 müň manatlyga derek 20 million 41 müň manatlyga barabar işler özleşdirilip, bellenilen meýilnama 120,2 göterim amal edildi. Gazanylan üstünlikde müdirligiň Hazar şäherindäki we Ekerem şäherçesindäki senagat-geofizika ekspedisiýalarynyň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologik hem-de ýokary tehnologiki enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýalarynyň mynasyp goşantlary bar.