Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muny ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýan edýär.
Kararnamada sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde, şeýle hem sebit we halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň möhüm orny ykrar edilýär.