Täze banklar — bazar ykdysadyýetiniň möhüm guraly

14 Aprel 2021
1592

12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.

Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy, olar ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. «Bouygues Batiment International» meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

"Nesil".