«Hemme zat çagalykdan başlanýar» diýlişi ýaly, kiçilikden her kim bir hünäriň eýesi bolmagy höwes edýär. Haýsy käri saýlap alsaňam, kitap seniň iň ýakyn maslahatçyň bolýar. Çagalykdan kitap bilen höwrügenimizden bolsa gerek, şol döwürlerde okan kitaplarymyzyň gahrymanlary heniz-henizlerem ýatdan çykanok. Şahyr Kasym Nurbadowyň 1986-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda neşir edilen «Deňziň düýbündäki öý» atly kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen goşgular, ertekiler, poemalar ýygyndysy hem, şahyryň bilesigeliji çagalaryň täsinlikden doly dünýäsi barada söhbet açýan beýleki kitaplarynda bolşy ýaly, dürli kärdäki adamlar bilen tanyş edýär. Bu kitabyň annotasiýasynda: «Sen ulalaňda kim bolmakçy? Belki, Dawut aga ýaly nebitçi bolarsyň!..» diýlip ýazylypdyr. Kitapdaky nebitçileriň durmuşyna bagyşlanan «Ekerem» atly poema, ine, şeýle setirler bilen başlanýar:
«Dostlar!
Mal bakanam,
Ekin ekenem,
Eşidemok diýmez
Diýseň: «Ekerem»
«Ekerem — gaz, nebitiň
Mesgeni» diýer!..».