Keşbi ajaýyp Aşgabat

12 Aprel 2021
1346

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uludan tutýar. Gözel paýtagtymyzyň günortasynda mundan sanlyja ýyl öň hem boş ýatan gojaman Köpetdagyň baýyrlygynda hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde, täsin tebigata, gür baglyga bürenýän halkara derejeli şaýollar, kaşaň ýaşaýyş jaýlarydyr edara binalary, saglygy goraýyş desgalary peýda boldy. Paýtagtymyzyň bu künjegini synlanyňda ak şäherimiziň örän çalt depginlerdäki ösüşlerine, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine bolan buýsanjyň goşalanýar. Düýn bolsa bu künjegiň täsin binagärlik keşbiniň üstüni ýetirýän ak şäherimiziň Çandybil şaýolunyň ugrunda döwrebap binalaryň ikisi ulanmaga berildi. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalarynyň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Paýtagtymyzyň bu ajaýyp künjeginde hormatly Prezidentimiziň parasaty bilen döredilen türkmenistanlylaryň çuňňur hormat goýýan, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, bagtyýar ýaşaýşyny hem-de demokratik ýörelgelerini, häzirki zaman türkmen döwletliligini we kanunçylygyny dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli desgalaryň ençemesi bar. Ak şäherimiziň beýik ösüşleri döwrüň belent ruhundan habar berýär.

Goý, gözel paýtagtymyzy dünýäniň ösen şäherleriniň hataryna çykarýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Maral BAÝRAMGELDIEWA,
Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň mugallymy.