Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, 12-nji aprelde ýurdumyzyň iri banklarynyň — Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze edara binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi raýatlarymyza täze, döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemäge, hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bizem şeýle şatlykly pursatlarda bank ulgamynyň hünärmenleriniň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik.
Göwher ORAZOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jemgyýetçilik aragatnaşygy we ýazgy bölüminiň baş hünärmeni: