Gowaça ekişi — jogapkärli möwsüm

5 Aprel 2021
1267

Ýer ýüzünde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň arasynda gowaça wajyp ähmiýetli ekinleriň biri hasaplanýar. Ol dünýäniň 100 töweregi döwletinde ösdürilip ýetişdirilýär. Berkarar Watanymyzda bu gymmatly ekiniň ýetişdirilmegine we ondan ýylyň-ýylyna ýokary hasylyň alynmagyna uly üns gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, ondan 1 million 250 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzda gowaça ekişine girişilip, häzirki wagtda oba hojalygyndaky bu möhüm möwsüm guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi möhüm bolup durýar. Çünki gowaçanyň ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmek hem-de meýdanlarda endigan gögeriş almak bereketli gowaça hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň binýady hasaplanýar.