Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

4 Aprel 2021
2228

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme geçirmek hem-de degişli üýtgetmeleri girizmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça her ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň içki meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamak ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezilendir. Häzirki wagtda hereket edýän «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzy ýeke-täk sanly ulgama birikdirmäge gönükdirilip, olar ýurdumyzyň döwrebap ösüşini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň hukuk esaslaryny emele getirýär.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, hukuk görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle-de ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik bilen meşgullanýan fiziki şahslar elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döredip bilýärler.

Nurjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.