S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Nurmyrat Reýimow üçin gowaça ekişine başlamak her ýylda-da şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýöne onuň bu ýylky gowaça ekişine başlaýşy has ýatda galyjy bolup, oňa welaýatyň ähli ýerlerinden gelen adamlar «Tohumyňyz müňlesin!» – diýip, ýagşy dilegleri etdiler. Geçen çarşenbe güni Nurmyrat Reýimowyň kärende ýerinde Daşoguz welaýaty boýunça gowaça ekişine başlanmagyna bagyşlanan dabara bolup geçdi.
Dabara mynasybetli bu ýerde oba hojalygy bilen bagly dürli sergiler guraldy. Welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz ýaňlandy.