Şu günler etrabymyz boýunça 9 müň 400 gektar meýdana irki möhletlerde ekilip, endigan gögeriş alnan güýzlük bugdaýlara ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şonça gektardan bereketli galla öndürmegi maksat edinýän gallaçy kärendeçilerimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny has-da ýokary netijeler bilen şöhratlandyrmak, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp sowgatly garşylamak üçin ýylyň ilkinji günlerinden başlap, janypkeşlikli zähmet çekýärler. Bu işde Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň Arzygül Muhyýewa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 3-nji kärendeçiler toparynyň ussat kärendeçisi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň işjeň agzasy Baýram Saparow has-da tutanýerlilik görkezýär. Islendik ekinden ýokary hasyl almak isleseň, onda ony irki möhletlerde ekip, talabalaýyk gögeriş gazanmagy başarmaly we idegini ýetirmeli. Muňa gowy düşünýän tejribeli kärendeçiniň eýelik edýän 5,1 gektar bugdaýly meýdanynda ösüş suwy tutulyp, her gektary 200 kilogram superfosfat we 150 kilogram karbamid dökünleri bilen iýmitlendirilen ýaşyl maýsalar ösüp, boý alýarlar. Häzirki wagtda saba säherler öwüsýän mymyk şemala ygşyldaşyp oturan ýaşyl maýsalar göreniň gözüni dokundyryp, bütin barlyga gözellik eçilýär.
Geçen ýyl ähli başarnygyny, yhlasly zähmetini ene topraga siňdirip, bol hasyly kemala getirmegi başaran kärendeçi 5,1 gektar meýdana ekilen bugdaý hasylyndan etrapda ilkinjileriň hatarynda Watan harmanyna tohumlyk bugdaýyň bol hasylyny tabşyrdy. Şeýlelikde, şertnama boýunça her gektaryň hasyllylygy 35 sentner bolmaly bolsa, onuň döwlet harmanyna tabşyran gallasynyň her gektarynyň hasyllylygy 54 sentnere deň boldy. Bu görkeziji bolsa daýhan birleşigi boýunça ýokary netije diýsek, öte geçdigimiz bolmasa gerek. Hawa, kärendeçi daýhan bu ýyl hem döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikli şertlerden ýerlikli peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýär.