Parahatçylyk, ynanyşmak we abadançylyk ýaly düşünjeler halkymyzyň ýaşaýşynyň, durmuş ýörelgesiniň we maksat-myradynyň mazmunynda jemlenýär. Bu mukaddes düşünjeler halkymyza döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýär hem-de milletimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk düşünjesi parahatçylyk hem-de ynanyşmak, abadançylyk, özerklilik düşünjeleri bilen gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy kökler arkaly baglanyşýar» diýip belleýşi ýaly, parasatly pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzda hem umumadamzat ýaşaýşynyň kada-kanunlary, durmuş düzgünleri öz beýanyny tapýar.