Döredijilik duşuşygy

1 Aprel 2021
1658

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Tuwakgül Gylyjowa we okyjylar gatnaşdylar. Myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik işgärleriniň täze-täze eserleri döredip, döwrümiziň waspyny ýetirmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem bu duşuşykda Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Çerkez Esenow we beýleki myhmanlar öz döreden goşgularyny okap, Ahal we Balkan welaýat kitaphanasynyň okyjylarynyň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdiler. Döredijilik duşuşygynyň çäginde kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna, we beýleki dürli ýyllarda çap edilen neşirlere uly orun berildi.

Meretdurdy MAGTYMOW,
Ahal welaýat kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary.