Waspa mynasyp ösüşler

31 Mart 2021
1429

Milli Liderimiziň parasatly tagallalary netijesinde oba hojalyk pudagyny ösdürmekde döredilýän ägirt uly mümkinçilikler daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine we buýsançly ýeňişlere ruhlandyrýar. Olaryň gaýratly zähmeti ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge uly itergi berýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak bolsa biziň öňümizde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hut şu nukdaýnazardan guramamyzyň işjeň agzalary etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde yzygiderli bolup, oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmakda we bu ugurdaky işleri ilerletmekde daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýarlar.

Şu maksat bilen ýakynda etrabymyzyň «Çärjew suwhojalyk» önümçilik dolanyşygynda, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda, «Watan», «Jeýhun», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde bolup, zähmetkeşler bilen täsirli duşuşyklary guradyk. Duşuşyklaryň dowamynda işjeň partiýa agzalarymyzyň täsirli çykyşlary diňlenildi. Olar çykyşlarynda ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda edilýän tagallalara mynasyp goşant goşmak dogrusynda nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda pudagyň işini mundan beýläk-de ilerletmekde öňde duran wezipeler, ekerançylygyň milli däplerini yzygiderli dowam etdirmekde alnyp barylýan işler barada hem durlup geçildi. Şeýle çärelerde partiýamyzyň agzalaryny köpeltmek, işjeňleri ýüze çykarmak meselelerine hem seredildi.

Marýam IBADULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmeni.