Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýeti we aň-bilimi ösdürmezden kuwwatly döwlet gurmak başartmaz» diýip, adalatly belleýär. Munuň özi aň-bilim edaralarynyň biri bolan kitaphanalaryň ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde, jemgyýetimiziň has-da kämilleşmeginde tutýan ornuny doly açyp görkezýär.
Türkmen halky gadymy döwürlerde-de kitaba örän uly sarpa goýupdyrlar, kitaphanalara bolsa mukaddes ojak hökmünde garapdyrlar. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasynyň baş gahrymany Welmyrat aganyň: «Munuň her bir sözi köşekli düýä degýändir!» diýip, Magtymguly atamyzyň şygyrlar diwanyny özüniň eklenç çeşmesi bolan ýekeje guba düýesine çalyşmagy hem halkymyzyň kitaba, ylym-bilime goýýan hormatyndan nyşandyr.