Maşgala — döwletiň mizemez sütüni

31 Mart 2021
3131

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Döwletiň baş sütüni hasaplanýan maşgala baradaky alada onuň döwrebap keşbiniň gazanylmagyna esas döredýär. Şonuň netijesinde-de, bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda bagtyýar maşgalalaryň sany barha artýar we maşgala gatnaşyklary pugta kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, maşgala jemgyýetiň ilkinji guramasydyr.

Ýurdumyzda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň, mukaddesligiň ojagy hasaplanylýar. Maşgala terbiýesiniň gözbaşynda dowamat dowam bolup gelýän milli däp-dessurlar, edim-gylymlar, pähimli ýörelgeler bolup, ol ýörelgeler şu günki gün ýurdumyzyň maşgala kanunçylygynyň esasy özenini düzýär. Maşgala we onuň bilen bagly gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak hem-de berkitmek babatda işlenilip düzülen döwrebap üýtgetmelerdir goşmaçalar bilen kämilleşdirilýän kanunçylyk namalary bu ugurdaky işiň hukuk esaslaryny berkitmäge uly ýardam berýär. Hut şeýledigi üçin hem halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtyň özünde-de döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alýan döwletimiziň häzirki zaman kanunçylygy kemala geldi. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady hem maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kemala getirmek, onuň ykdysady taýdan özbaşdaklygyny we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmek arkaly maşgala hakynda alada etmek, ata-eneleriň maşgala borçlaryny ýerine ýetirmeklerini gazanmak üçin şertleri döretmek, şeýle hem, maşgalany, eneligi we çagalygy, atalygy goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekdir.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.