«Üzüm iýseň, çöpi bar»

31 Mart 2021
1306

Halkymyzyň arasynda aýdylýan bu nakylda hem nakyllarymyza, atalar sözlerimize mahsus ýagdaý saklanyp galypdyr. Nakyllarda, adatça, nakylyň birinji bölegi aýdylýar-da, galan ikinji bölegi, köplenç, diňleýjiniň oýlanmagyna goýulýar. Ýokarky nakylda hem şeýle ýagdaýy görmek bolýar. Aslynda, bu nakyl «Üzüm iýseň, çöpi bar, kime arman, kime derman» görnüşinde bolmaly. Ýöne onuň göçme manysy, ýagny islendik haýyrly zadyň aladasy, kynçylygy bar diýen manysy hem işjeň ulanylýar.

Bu nakylyň döreýşi bilen bagly adamlaryň arasynda şeýle bir hekaýat hem saklanyp galypdyr. Öňem bir aýal dört sany çülpe çagasy bilen dul galýar. Ol mellegindäki üzümlerinden kişmiş edip, şonuň arkasyndan ölmez-öde gün görýän ekeni.

Şöhrat ABDYÝEW,
žurnalist.