Araby goýun — 1) garaköli tohumly goýunlaryň gara bagana berýän görnüşini türkmen halkynyň atlandyryşy; 2) garaköli tohumly goýnuň halk arasynda tutulýan ady.
Aran — 1) bir zadyň ujuna dakylýan gaňrakly ilgençek. Aran ýyrtyjy haýwanlary (möjek, tilki we ş.m.) tutmak üçin ulanylýan gapanyň zynjyrynyň ujuna dakylyp, onuň gapdalynda ýere gömülip goýulýar. Gapana düşen haýwan ony süýräp gidende aranyň gaňyrçaklary çöp-çalama ilişip, ony saklaýar; 2)guýulara, çuň suwlara gaçan zatlary almak üçin ulanylýan gaňrakly ilgençek.