Az ýerden köp hasyl

31 Mart 2021
1283

Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda birbada alty sany ýyladyşhanany açyp bermegi ýurdumyzda az ýerden köp mukdarda gök önüm almakda täzeçe usulyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezdi. Gök önümler adamyň gündelik azyk önümlerinde esasy iýmitleriň hatarynda durýar. Adam aglaba ýokumlary gök önümlerden alýar. Lukmanlar hem gök önümleri köpräk iýmegi maslahat berýärler.

Ýurdumyzda adamyň saglygy üçin bimöçber alada edilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylarynyň, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün edilmegi-de bar. Gök önümler islendik pasylda, islendik howa şertinde adamy hiç wagt irizmeýän azyk önümidir. Olar saçaklarymyzy bezäp, gözümizi dokundyrýar. Biz gündelik iýmitimizde gök önümleriň görnüşini köpeltsek, şonça-da özümiz üçin peýdaly. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa bazarlarymyzda gök we bakja ekinleriniň, umuman, ene topragymyzdan alynýan naz-nygmatlaryň hemişe bol hem elýeterli bolmagy üçin tagalla edilýär. Hormatly Prezidentimiziň açyp beren täze ýyladyşhanalary hem şol tagallanyň miwesidir.

Aýtäç HOJAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.