22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň uludan baýram edilen gününde ir bilen Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Milli Liderimiziň şol ýerde şöhraty dünýä dolan Akhan atly atyň neslinden bolan taýçanaga Aşgabat diýip at bermegi hem-de döredijilik bilen meşgullanyp, merjen paýtagtymyz Aşgabat baradaky eserini ýazyp gutarmagy her bir türkmenistanlynyň kalbyna joşgun berdi. Paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde täze taýçanagyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiziň ylhamyna joşgun berip, «Ak şäherim Aşgabat!» atly goşgyny döretdi.
Aziýaň dür-merjeni,
Ak şäherim Aşgabat!
Dost-doganlyk merkezi,
Ak şäherim Aşgabat!