Şan-şöhratly bedewim

29 Mart 2021
1250

Berkarar ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini täzeden dikeldip, türkmen halkynyň milli senetleri, şol sanda atşynaslyk sungaty has-da ösdürilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň at-owazasyny belende götermek maksady bilen, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Behişdi bedewlere olaryň dörän mekanynda — türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar» diýip belleýär. Ýurdumyzda türkmen atlarynyň arassa ahalteke tohumlaryny gorap saklamak we olara ideg etmek üçin ähli şertler döredilýär. Däp bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynda türkmen bedewiniň baýramy uly dabara bilen bellenilýär. Welaýatlarda we paýtagtymyzdaky atçylyk sport toplumlarynda ýylyň-ýylyna däbe öwrülip geçirilýän at çapyşyklary biziň her birimizi biparh goýmaýar. Bu at çapyşyklaryna tomaşa etmäge raýatlarymyz uly höwes bilen gatnaşýar.

Aýtäç HOJAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.