Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşine aýratyn uly üns gönükdirilýär hem-de bu ulgamlar üçin ýokary hünärli, ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda giň göwrümli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde ýurdumyzda hereket edýän çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini barha kämilleşdirmekde amala aşyrylýan işler has-da guwandyryjydyr.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, Diýarymyzyň sebitlerinde çagalar çeperçilik mekdepleriniň hereket edýändigi hem-de olarda milli çeperçilik sungatymyzy ösdürjek hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary diňe bir hünär kämilligine eýe bolmak bilen çäklenmän, ýurdumyzda giň gerim alan beýik işlere-de işjeň goşulýarlar, paýtagtymyzda gurulýan kaşaň ymaratlaryň, desgalaryň daşky bezeglerinde, Aşgabadyň bezeg işlere-de ornaşdyrylýan dürli nyşanlarda milli binagärlik we bezeg sungatynyň ajaýyplyklarynyň öz beýanyny tapmagy ugrundaky tagallalara işjeň gatnaşýarlar. Tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplar tarapyndan döredilýän eserlerde berkarar Watanymyzyň ajaýyp nyşanlarynyň we dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň açylyp görkezilmegi olaryň zehininiň, ukyp-başarnygynyň özboluşly ýüze çykmasydyr.