Ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň: «Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň has-da ösmegi, täze eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimizde ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär» diýen sözlerinden hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda bu ulgamy has-da rowaçlandyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ata-babalarymyzdan däp bolup galan halypa-şägirtlik ýörelgesini ösdürmek, ýaşlaryň öz zehinlerini açyp görkezmekleri, saýlap alan ugurlary boýunça barha kämilleşmekleri üçin bagtyýarlyk döwrümizde uly işler amala aşyrylyp, olar buýsanylmaga, guwanylmaga mynasypdyr.
Medeniýet babatda geçirilýän işler, dürli mazmunly çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, milli medeniýetimize hem-de sungatymyza uly üns berilýändiginiň, bu ulgamda zähmet çekýän adamlaryň, döredijilik işgärleriniň döwlet tarapyndan hemişe hormat-sarpa, goldaw-hemaýata eýediginiň subutnamasydyr.