Abu Reýhan Birunynyň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler» atly eserinde ýaz paslynda Nowruz baýramynyň bellenilişi hakynda gyzykly maglumatlar getirilýär. Onuň bellemegine görä, 21-nji martda Älem giňişligindäki Günüň gyzgyn şöhlesi Ýeriň ekwatoryna dik düşýär. Birunynyň öz eserinde: «Nowruz gününde bir sagat bar, şol sagatda wagtyň çarhy älemi janlandyrmaga howlugýar. Ol günüň iň bagtly sagatlary Günüň şöhlesiniň dik düşüp ugran sagatlarydyr» diýip belleýär.
Nowruz baýramyny bellemekde her bir halkyň öz milli däp-dessurlary, milli aýratynlyklary bar. Türkmenlerde ol, esasan şaman oduny ýakmak bilen baglanyşykly bolupdyr. «Nowruzda şaman oduny ýakyp, onuň üstünden bökseň, bar günäleriň dökülermiş» diýlip yrym edilipdir. Bu günde birek-birekden öýkeli adamlar ýaraşypdyrlar. Bu baýramçylyk dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň baýramy hökmünde hem dünýä dolýar. Baýramçylyk günleri adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary, süýji-süýji tagamlary hödür-kerem edýärler.