Milli medeniýetimize siňen ajaýyp baýram

21 Mart 2021
1371

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giň gerime eýe boldy. Milli senelerimiziň sanawyna girýän Milli bahar baýramy durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Milli bahar baýramy halklary ýakynlaşdyrýar, gatnaşyklary has-da ýokary derejä göterýän belent sepgitlere tarap täze ýollary açýar.

Bu baýramçylyk ruhy we taryhy-medeni umumylyklarymyzy beýan edýän ajaýyp baýramdyr. Onda biz şöhratly pederlerimiziň beýik ynançlaryny we dünýägaraýyşlaryny, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen medeni we ruhy mirasyny görýäris. Ruhy atamyz Magtymguly Pyragy hem Nowruzyň keramatly we tämizleýji güýjüni öz goşgularynda wasp edipdir. Milli bahar baýramynyň mazmunyny ahlak arassalygynyň, ruhy tämizligiň çesmesi hökmünde çeper sözler bilen açyp görkezipdir.

Üzümgül BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.