Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

21 Mart 2021
1515

Pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň dagy-düzi ýaşyl donuny ýapynyp, lälezarlyga bürenýär. Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalary, gül tebigaty ýazyň ýalkymy bilen has-da ajaýyplaşýar. Dana pederlerimiz: «Ýyl görki bahar-ýazdyr, toý görki aýdym-sazdyr» diýen nakyly döredip, bu paslyň joşguna, şähdaçyklyga, dostluga we dostanalyga başlangyçdygyny belläpdirler.

Göwünlere täzeleniş, süňňüňe ýeňillik berýän bahar paslynda halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Ýaz paslynyň goýnunda ulus-ilimiz Milli bahar baýramyny, Bütindünýä saglyk gününi, Türkmen bedewiniň we alabaýynyň baýramyny, Aşgabat şäheriniň gününi, Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününi giňden belläp geçýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda bu baýramlaryň we şanly seneleriň ähmiýeti has-da artýar.

Mähri GAÝYPOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.