Täzelenişiň baýramy

21 Mart 2021
1760

Nowruzyň gelmegi bilen Zeminde täzeleniş bolup geçýär. «Nowruz» pars sözi bolup, türkmençä terjime edilende «täze gün» diýen manyny aňladýar.

Nowruz — ählumumy sazlaşygyň we täzelenişiň baýramçylygydyr. Çünki bu döwürde gije bilen gündiz deňleşip, gyş öz ornuny bahar paslyna berýär, baglar pyntyklap, güller açylýar. Bu sazlaşyga bagyşlap, Biruni, Ferdöwsi, Omar Haýýam ýaly beýik danalar ölmez-ýitmez eserleri döredipdirler.

Şyhmustapa HUDAÝBERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.