Halkara Nowruz baýramçylygy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabara, şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen bellenilýär. Halkymyzda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlen aýtgy hem bar. Gadymyýetden gelýän Nowruz baýramçylygy «Täze ýyly», «Täze güni» aňladyp, adamlar öýüniň içini, daşyny, köçesini tämizläp, ýagşy arzuw-niýet bilen, täze ýyla gadam basýar.
Bu baýramçylygy agzybirlikde, jebislikde jemlenişip bellemek adamlary has-da ýakynlaşdyrypdyr.