Talyplaryň döredijilik bäsleşigi

19 Mart 2021
1854

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi bu bilim ojagynyň talyplarynyň arasynda «Älemde parahatlyk — halkymyzyň şygary, türkmen üçin ezizdir dost-doganyň didary» atly döredijilik bäsleşigini geçirdiler. Onuň maksady ösüşli-özgerişli, her bir güni belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda goşa-goşadan tutulýan toý--baýramlarymyzy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny wasp etmekden, döwrümize bolan buýsanjy beýan etmekden ybarat boldy.

Bäsleşik diýseň şowhunly geçdi. Talyplaryň dürli dillerde ýerine ýetiren gazallary, «Alkyş Size, Arkadag!» diýen aýdymy has-da täsirli bolup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy, tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Aýnagül BERDIGYLYJOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy. Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».