Gazanlarda gaýnar durar semeni

19 Mart 2021
1768

Nowruz — bu täze günüň, täzelenişiň baýramy. Bahar paslynyň gelendigini alamatlandyrýan bu döwür adamlaryň kalbyna täzeleniş, mähir, nur paýlaýar. Gyş ukusyndan oýanan baglara jan girip, olar ap-ak güle bürenýän bolsa, sähralar ýaşyl don ýapynyp, jümjüme, gülälek, çigildem ýaly al-elwan güllere bürenýär. Babadaýhanlarymyz bolsa ekiş möwsümine girişýärler.

Ýurdumyza baharyň gelşiniň üýtgeşik bolşy ýaly, Nowruzyň baýram edilip, bellenilişiniň hem öz aýratynlyklary bar. Nowruz golaýlaşdygyça, adamlar ýakymly aladalar bilen gurşalýar. Her kim bu ajaýyp baýramçylygy milli däp-dessurlara eýerip, mynasyp garşylamaga çalyşýar. Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde dürli milli tagamlar taýýarlanylyp, goňşy-golamlara, myhmanlara hödür-kerem edilýär. Yryma görä, ol günde ýedi dürli tagam taýýarlanylypdyr. Bu däp-dessur häzirki günlerde hem dowam edip gelýär. Nowruz saçagyny bezeýän tagamlaryň naýbaşysy bolsa Äşe-Patmanyň aşy hasaplanylýan semenidir. Semeni kiçijik çagalardan başlap, uly ýaşly adamlaryň hem halaýan tagamy bolmak bilen, onuň taýýarlanylyşynyň öz aýratynlyklary bar. Çünki semenini taýýarlamak üçin ilki bugdaý dänelerini ekip, ony yzygiderli çyglandyryp durmaly. Şine ýaryp, gögerip başlan bugdaýy döwmeli we çykan şireli suwuny un bilen garyp gaýnatmaly. Semenini taýýarlamak işi wagty köp talap edýär. Gaýnap duran semenini gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, yzygider bulap durmaly.

Aýgül BÄŞIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.